Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi. Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler. Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi. Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady. Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi. Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi. Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy. Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady. Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi». Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.
Выбор основного перевода