Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw söweş arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär. Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar. Hudaý rebbime şeýle sözledi: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur». Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz? Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň. Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz». Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar. Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl. Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi. Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi. Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup: «Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler. Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdi; ynsanlara peşgeşler berdi». Eýsem «çykanda» diýen söz nämäni aňladýar? Bu Mesihiň ilki aşak – ýer ýüzüne inendigini aňlatmaýarmy näme? Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur. Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy. Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy. Hudaý haýsy perişdä: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur» diýipdir? Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady. Aýdýanlarymyzyň düýp manysy şundadyr: gökde beýik Hudaýyň sagynda oturan Baş Ruhanymyz bardyr.
Markusyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода