Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady. Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler. Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler. Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar. Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy.
Выбор основного перевода