Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa olary şol ýerde galdyryp, şäherden çykyp gitdi. Ol Beýtaniýa gelip, gijäni şol ýerde geçirdi. Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag getirdi. Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy. Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
Выбор основного перевода