Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder. Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr! Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy. Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».
Выбор основного перевода