Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi. Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy. Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi. Ol obalaryň birine girende, Oňa endamy deri keseline duçar bolan on adam sataşdy. Olar uzakda durup, gaty ses bilen: «Eý, Isa! Halypa, bize rehim et!» diýdiler.
Выбор основного перевода