Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi. Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun, çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi. Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy. Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar». Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.
Выбор основного перевода