Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Araňyzda beýik saýylýan hemmäňize hyzmatkär bolsun. Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyryp, olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy hem hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi. Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
Выбор основного перевода