Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler. Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi. Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesihem, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar. Şonuň üçin hem, Ýudanyň ornuna başga birini saýlamagymyz gerek. Bu adam Rebbimiz Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip, tä göge göterilen wagtyna çenli hemişe biziň aramyzda bile bolan adamlaryň biri bolmaly. Ol hem biziň ýaly Isanyň direlendigine şaýatlyk etsin». Ýahýa suwa çümdüriliş barada wagyz etmäge başlandan soňra, Jelileden başlap, bütin Ýahudyýada bolan wakalardan habaryňyz bardyr. Isa gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin ysraýyl halkyna toba etmegi we suwa çümdürilmegi wagyz etdi. Rebbiň ýolunda tälim alan bu adam ruhy hyjuw bilen gepleýärdi. Diňe Ýahýanyň çümdüriş taglymatyny alan hem bolsa, Isa bilen bagly taglymaty dogry öwredýärdi. Olardan: «Onda nämä esaslanyp çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çümdürmesine esaslanyp çümdürildik» diýip jogap berdiler.
Выбор основного перевода