Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy. Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi. Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi. Musa size Mukaddes Kanuny bermedimi näme? Ýöne siziň hiç biriňiz bu Kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?» Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym. Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy. Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler. Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar. Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar. Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi. Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.
Выбор основного перевода