Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin. «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. «Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir: ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler. Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi. Isa ony ugradanda, oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip, berk tabşyryk berdi. Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.
Выбор основного перевода