Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi. Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn. Reb alty zady, dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir: Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir. Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy? Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin! Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, emma içiňiz ikiýüzlülikden we pislikden doludyr. Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady. Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi: Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez,
Выбор основного перевода