Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz, Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary, çünki Reb eşitdi agy sesimi. Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn. Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin. Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer. Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn. Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär. Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň! Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok. Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
Выбор основного перевода