Mattanyň Hoş Habary 20:22
Mattanyň Hoş Habary 26:38
Markusyň Hoş Habary 10:38
Ýahýanyň Hoş Habary 12:27
Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.
Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi.
Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi.
Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.