Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Reb elmydama gözlerimiň öňünde, sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda. Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin. Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar. Ol bu ýerde ýok, Ol direldi! Ol heniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlaryny ýadyňyza salyň. Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler. Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi. Şägirtleri şol wagt bu zatlara düşünmediler. Emma Isa şöhratlandyrylandan soňra bu sözleriň Ol hakynda ýazylandygy we özleriniň muny ýazylyşy ýaly edendikleri olaryň ýatlaryna düşdi. Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar. Dawut Ol hakda şeýle diýipdi: „Reb elmydama gözlerimiň öňünde; sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda. Isanyň ölümden direlişi we asla çüýremezligi dogrusynda Hudaý şeýle diýdi: „Dawuda wada beren mukaddes ýalkanyşlarym bilen sizi ýalkaryn“.
Выбор основного перевода