Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi. Ýudas çykyp gidensoň, Isa şeýle diýdi: «Indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Hudaý-da Ol arkaly şöhratlandyryldy. Eger Hudaý Ynsan Ogly arkaly şöhratlanan bolsa, Ony hem Öz şöhratyna şärik eder. Hawa, Ony şol pursadyň özünde şöhratlandyrar.
Выбор основного перевода