Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy. Isa ýene söze başlady: «Ýüregiňiz gussa batmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň. Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni. Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa iman ediň. Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň. Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar. Olaryň hemmesi iman arkaly Hudaýyň öwgüsini gazanan hem bolsalar, olaryň hiç biri Hudaýyň wadasyna gowuşmady.
Выбор основного перевода