Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýdi. Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä? Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz“ diýýäni nämekä?» diýişdiler. Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi. Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Sebäbi Rebbimiz Isa Mesihiň maňa bildirişi ýaly, bu pany çadyrymdan basym göçmelidigimi bilýärin.
Выбор основного перевода