Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag getirdi. Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy. Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi. Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar. Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi. Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler.
Выбор основного перевода