Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular. Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady. Ýabeşiň ogly Şallum Zakarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy. Onsoň Gadynyň ogly Menahym Tirsadan çykyp, Samariýa geldi. Ol Samariýada Ýabeşiň ogly Şallumy öldürip, özi onuň ýerine patyşa boldy. Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samariýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy. Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy. Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi. Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men. Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede? Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim. Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.
Выбор основного перевода