Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr. Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr. Haty alan dessiňize patyşaňyzyň ogullarydyr ogul agtyklaryndan iň mynasybyny saýlap, ony atasynyň tagtynda oturdyp, jenabyňyzyň ogullarydyr agtyklary üçin uruş ediň». Samariýanyň baştutanlarynyň we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänleriň gorkudan ýaňa ýürekleri ýaryldy. Olar: «Seret, Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa Ýehuwa garşy durup bilmediler, onsoň biz nädip oňa garşy duraly» diýişdiler. Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler. Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar. Olar haty alyp, onda aýdylyşy ýaly patyşanyň ogullarydyr agtyklarynyň ýetmişisini hem tutup, olaryň kellelerini kesdiler. Olar patyşa ogullarynyňdyr agtyklarynyň kellelerini sebede salyp, Ýizregele Ýehuwyň ýanyna iberdiler. Çapar gelip: «Patyşanyň ogullarynyňdyr agtyklarynyň kelleleri getirildi» diýip habar berdi. Ýehu: «Olary iki üýşmek ediň-de, ertire çenli derwezäniň agzynda goýuň» diýip tabşyryk berdi. Ertesi ir bilen Ýehu halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi: «Siz ýazyksyz adamlar. Jenabym Ýorama garşy dildüwşük gurup, ony öldüren men. Emma bu ýatanlary öldüren kim? Onda şuny bilip goýuň. Rebbiň Ahabyň ogullarydyr ogul agtyklaryna garşy aýdan sözleriniň hiç biri hem ýerde galmaz, çünki Reb Öz guly Ylýas arkaly diýen sözlerini berjaý etdi». Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady. Onsoň Ýehu Samariýa tarap ýola düşdi. Ol ýolda çopanlaryň Beýteket diýen düşelgesinde Ýahuda patyşasy Ahazýanyň garyndaşlaryna sataşyp, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Ahazýanyň garyndaşlarydyrys. Biz şazadalar bilen, şa aýalynyň ogullary bilen görme-görşe barýardyk» diýip jogap berdiler. Onsoň Ýehu Samariýa tarap ýola düşdi. Ol ýolda çopanlaryň Beýteket diýen düşelgesinde Ýahuda patyşasy Ahazýanyň garyndaşlaryna sataşyp, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Ahazýanyň garyndaşlarydyrys. Biz şazadalar bilen, şa aýalynyň ogullary bilen görme-görşe barýardyk» diýip jogap berdiler. Ýehu öz adamlaryna: «Bulary diri tutuň» diýdi. Olar Ahazýanyň garyndaşlaryny diri tutup, şol ýerdäki Beýteket guýynyň ýanynda olaryň kyrk ikisini hem öldürdiler. Ýehu olardan ýekejesini hem diri galdyrmady. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada alty aý şalyk sürdi. Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. Ýabeşiň ogly Şallum Zakarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy. Zakarýanyň beýleki işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy. Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady. Ýer galla, täze şeraba we zeýtuna jogap bererler. Olar hem Ýizregele jogap bererler. Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».
Выбор основного перевода