Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Eý, Hudaý, olara çykar hökümi, pällerinden tapyp, ýykylsyn olar; ýazyklary üçin kowup çykar olary, çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar. Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar, ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler. Sen olaryň jezasyna jeza goş, olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn. Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin! Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn. Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.
Выбор основного перевода