Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy. Möhürli hata ady ýazylanlar: Hakalýanyň ogly häkim Nehemýa, Sidkiýa, Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi. Şol günler geçenden soň, Suza galasynda baý-garyp diýmän bütin halk üçin köşgüň howlusyndaky bagda patyşa ýedi günläp meýlis gurady. Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin. Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahudy bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy. Darýuşyň şalygynyň dördünji ýylynyň dokuzynjy aýynyň, ýagny Kislew aýynyň dördüne Zakarýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.
Выбор основного перевода