Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy. Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar. Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawulyň döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy. Onuň gizlenip biläýjek ýerleriniň ählisini gözden geçiriň we anygyna ýetiň-de, maňa belli habar getiriň. Şondan soň men siziň bilen bile giderin. Eger ol ýurduň bir ýerinde bar bolsa, men ony tutuş Ýahudadan taparyn». Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy. Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen. Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu. Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek». „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“». Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi. Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. Rebbimiz Isanyň ýahuda tiresindendigi hemmelere mälimdir we Musa bu tireden ruhanylaryň bolandygy barada hiç bir söz aýtmandyr.
Выбор основного перевода