Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer. Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär. Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin. Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn. Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn». Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.
Выбор основного перевода