Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler. Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň. Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler. Pygamberler şemal ýalydyr, Rebbiň sözi olara aýan däldir. Bu külpetler olaň öz başyndan insin!“». pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?» Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler. «Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.
Выбор основного перевода