Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Siz bolsa faraona şeýle diýiň: „Reb saňa şeýle aýdýaryn: Ysraýyl Meniň nowbahar oglum. Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady. «Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz. Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz. Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir. Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy. Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy. Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir. Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir. Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim». Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys? Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn. Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy. Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?
Выбор основного перевода