Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr. Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.
Выбор основного перевода