Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Lewiler kitaby
Параллельные места
Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin». Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim. Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan ondan birini sahylyk bilen berdiler. Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz! Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?
Выбор основного перевода