Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi. Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn. Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk – parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir. Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler. Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar.
Выбор основного перевода