Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň. Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr. Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr. Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
Выбор основного перевода