Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir. Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. Öýi halallamak üçin ruhany iki sany guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alsyn. Onsoň kedr agajynyň bölegini, käkiligi, goýy gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin. Şeýdip, ruhany öýi guşuň gany, çeşme suwy, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, käkilik otuny we goýy gyzyl reňkli sapak bilen halallasyn. Ruhany bir bölek kedr agajyny, käkilik otuny, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn. Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:
Выбор основного перевода