Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz. Siz, ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi, keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy. Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz. Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr. Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz. Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr. Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz. Emma, ine, şu guşlaryň: bürgüdiň, garaguşuň, derýa bürgüdiniň, çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz; çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz; çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz; baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz. baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz. baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz. Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz. Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz.
Выбор основного перевода