Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hasor hany Ýabyn ysraýyllaryň bu ýeňişleri hakynda eşidende, Madonyň hany Ýobaba, Şimron hanyna we Akşap hanyna, Şol wagtyň özünde Ýeşuwa yzyna dolanyp gelip, Hasory basyp aldy we onuň hanyny gylyçdan geçirdi. (Hasor şol wagtky hanlyklaryň iň beýigidi.) Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler. ol öz ýanyndaky esgerlerini, ähli söweş arabalaryny we dokuz ýüz demir arabasyny Haroşet-hagoýymdan çagyryp, olary Kişon derýasynyň ýakasyna üýşürdi. Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady. Ýöne siziň ata-babalaryňyz öz Hudaýyny – Rebbi unutdylar. Reb olary Hasor galasynyň şasy Ýabynyň leşgerbaşysy Siseranyň, piliştlileriň we Mowap şasynyň eline berdi; olar siziňkilere garşy uruşdylar. Sen Midýana hem-de Kişon çaýynda Sisera bilen Ýabyna edenleriňi olaryň başyndan inder.
Выбор основного перевода