Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Soňra piliştliler Hudaýyň sandygyny Dagon buthanasyna salyp, ony Dagon butunyň ýanynda goýdular. Aşdotlylar ertesi irden turup görseler, Dagon buty Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Olar buty galdyryp, ýene öz ýerinde oturtdylar. Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy. (Dagon ruhanylarynyň hem-de Dagonyň Aşdotdaky buthanasyna gelýänleriň häli-häzire çenli-de buthananyň bosagasyny basmazlyklary şondan galdy.) Reb aşdotlylary we Aşdodyň çäklerinde ýaşaýan halky agyr jezalandyrdy, olary gorkuzdy; endamlaryna çykuw çykaryp, olary howsala saldy we başlaryndan aýylganç külpet inderdi. Aşdotlylar bolan wakany görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerde mundan artyk saklamalyň, çünki Ol bize-de, hudaýymyz Dagona-da juda ýowuzlyk bilen göz görkezýär» diýdiler. Şawulyň ýaragyny öz buthanalarynda goýdular, kellesini bolsa Dagonyň buthanasyndan asdylar.
Выбор основного перевода