Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Reb duşmanyňyz mowaplylary siziň eliňize tabşyrdy» diýdi. Olar hem onuň yzy bilen aşak indiler we mowaplylardan Iordan derýasynyň güzerlerini eýeläp, ol ýerden hiç kimi geçirmediler. Soňra Gidegon tutuş Efraýym daglygynda ýaşaýanlara öz habarçylaryny ýollap: «Geliň, midýanlaryň garşysyna söweşiň. Midýanlara üstünden geçmäge ýol bermez ýaly, Iordan derýasyny we Beýtbara çenli bolan suw çeşmelerini eýeläň» diýdi. Hemme efraýymlar çagyryldy, olar Beýtbara çenli çeşmeleri we Iordan derýasyny eýelediler. Ine, rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň Kenganyň araçäginde, Iordanyň boýunda, ysraýyllaryň tarapynda gurbanlyk sypasyny gurandyklary baradaky habar ysraýyl halkyna gelip ýetdi.
Выбор основного перевода