Petrusyň birinji haty 2:11
Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.
Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi?
Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.