Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady. Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady. Isa dikelende, aýaldan başga hiç kime gözi düşmänsoň, oňa: «Eý, naçar, beýlekiler hany? Hiç kim seni höküm etmedimi?» diýip sorady. Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr. Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň. Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň; Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy. Sebäbi imanyňyzyň maksadyna ýetip, janyňyzyň halas bolmagyny gazanýarsyňyz. Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».
Выбор основного перевода