Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne ýükledi, biziň dertlerimizi çekdi; biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp, urlup ejir çekendir diýip pikir etdik. Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy, biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi, rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi, onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk. Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi. Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz. Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.
Выбор основного перевода