Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär: «Parzlarymy agzamaga, ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar? Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen. Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň. Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi. Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň. Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma Men saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn. Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetirip, berjaý ediň, emma olaryň edenlerini etmäň, sebäbi aýdýan zatlaryny özleri edýän däldirler. Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin, barmagyny hem gymyldatmak isleýän däldirler.
Выбор основного перевода