Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Her bir ynsanyň janyny awlajak bolup, her kimiň bilegine bilezik dakýan, dürli boýdaky adamlaryň başyna bürenjek tikýän aýallaryň dat gününe! Siz Meniň halkymyň janyny awlamak bilen öz janyňyzy halas edýändiris öýdýärsiňizmi? Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar. Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn. Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.
Pawlusyň Rimlilere haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода