Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim. Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi. Eý, doganlar, size Musanyň Kanunyny bilýän adamlar hökmünde ýüzlenýärin. Eýsem siz bu Kanunyň diňe diri adama öz hökümini ýöredýändigini bilmeýäňizmi näme? Mysal üçin, ärli aýaly alyp göreliň. Ol äri dirikä, bu Kanun boýunça oňa baglydyr. Emma äri ölse, ol nika kanunyndan azatdyr. Eger aýal äri dirikä başga birine durmuşa çyksa, bu zynahorlykdyr. Emma äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir. Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz. Şunlukda, biz iman arkaly aklanyp biler ýaly, Mukaddes Kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy. Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.
Выбор основного перевода