Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Koloselilere haty
1 2 3 4
Параллельные места
Olar gahar-gazaba mündüler, sebäbi bu iki resul Isany mysal getirip, halka öwretmek bilen ölüleriň direlişini wagyz edýärdi. Çünki Hudaý olary ezelden saýlap--seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi. Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär. Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi. Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr. Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!
Koloselilere haty
1 2 3 4
Выбор основного перевода