Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Galatýalylara haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar. Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy? Men muny diňe ynsan nukdaýnazaryndan aýtmaýaryn. Kanun hem bu babatda şeýle diýmeýärmi näme? Çünki Töwratda: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň» diýip ýazylgydyr. Hudaý muny bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Eýsem Ol öküzleriň aladasyny edýärmi? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Çünki ýer sürýän-de, döwek döwýän-de hasyldan paý almak umydy bilen işleýändir. Çünki Töwratda: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň» diýip ýazylgydyr. Hudaý muny bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Eýsem Ol öküzleriň aladasyny edýärmi? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Çünki ýer sürýän-de, döwek döwýän-de hasyldan paý almak umydy bilen işleýändir. Biz araňyzda ruhy zatlary ekip, sizden maddy hasyly orsak, muny juda köp görersiňizmi? Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys. Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz. Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr. Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr! Çünki Mukaddes Ýazgylar: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň», «Işgär öz hakyna mynasypdyr» diýýär.
Galatýalylara haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода