Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys. Şoňa görä-de, eý, doganlar, biz indi ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşamaga borçly däldiris. Eger siz ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşasaňyz, ölersiňiz. Emma ynsan höwesleriniň ýaman işlerini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýok etseňiz, ýaşarsyňyz. Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler. Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň.
Выбор основного перевода