Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Seraý diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara bolar. Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men Sarany ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär» diýdi. Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi. Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir. Ybraýymyň neslinden bolanlaryň-da bary onuň hakyky perzendi däldir. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip ýazylgydyr. Diýmek, Ybraýymyň neslinden bolanlaryň baryna Hudaýyň perzendi diýip bolmaz. Diňe wada görä doglanlar Ybraýymyň hakyky nesli hasaplanýandyr. Çünki: «Bellenen wagtda dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýlip wada berlipdi.
Выбор основного перевода