Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Galatýalylara haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler. Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi. Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi. Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler. Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler. Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar. Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi. Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady. Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi. Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy? Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys». Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler. Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň! Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi. Pygamberleriň sözleri-de bu aýdylanlar bilen gabat gelýär. Ine, onda şeýle ýazylan: „Mundan soň Men dolanyp gelip, Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin. Weýran bolan ýerlerini oňaryp, ony täzeden bina ederin. Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr, bular gadymdan mälimdir“. Şonuň hem Hudaýy kabul edýän keseki milletlere kynçylyk döretmeli däl diýen karara geldim. Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“. Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar». Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar. Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys. Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik. Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir. Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir! Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker. Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!
Galatýalylara haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода