Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Filipililere haty
1 2 3 4
Параллельные места
Men bulary sizi ýazgarmak üçin aýdamok. Sebäbi ozal hem aýdyşym ýaly, ýüreklerimiziň töründe ornuňyz bardyr, biz ýaşasak-da, ölsek-de bile bolarys. Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin. Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin. Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy. Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler. Men şindi ýaşaýan wagtlaýyn çadyrymdan, ýagny bedenimden gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak bilen siziň aňyňyzy oýaryp durmagy dogry hasaplaýaryn.
Filipililere haty
1 2 3 4
Выбор основного перевода