Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Filimuna haty
1
Параллельные места
Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi. Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi. Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi. Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi. Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler. Men şu babatda ynamym bolany üçin, diri galjakdygymy bilýärin. Hawa, imanda we onuň berýän şatlygynda ösüp bileriňiz ýaly, men ýene-de siziň araňyzda galaryn. Meniň tiz wagtda ýanyňyza barjakdygym babatda Reb meni ynandyrýar. Ýanyňyza basym dolanyp barmagym üçin dileg etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin.
Filimuna haty
1
Выбор основного перевода