Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük. Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr. Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar. «Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?» Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr. Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi. şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi. Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi. Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.
Выбор основного перевода